Jef Bezosyň Blue Origin kompaniýasy kosmonawtlaryň Aýa gonmagy üçin moduly döreder

  • 22.05.2023 09:32
  • 4.7k+

Blue Origin «Artemis» maksatnamasynyň çäklerinde 2029-njy ýylda kosmonawtlaryň Aýa gonmagy üçin modul döreder. Bu barada ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli müdirliginiň (NASA) anna güni öz web sahypasynda çap eden beýanatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Beýanatda aýdylyşyna görä, milliarder Jeff Bezosyň “Blue Origin”-ni  Blue Moon-yň modulyny “işläp taýýarlamak, döretmek, synagdan geçirmek we tassyklamak” bilen meşgullanar. Ol kosmonawtlary Aýyň üstünde gondurmak we ABŞ-nyň işläp taýýarlaýan  Gateway Aý stansiýasy bilen sepleşdirmek üçin ulanylar. Şertnamanyň bahasy 3,4 milliard dollar.
NASA-nyň meýilnamalaryna görä, 2029-njy ýylda Artemis maksatnamasynyň bäşinji tapgyrynyň çäklerinde dört astronawt aşa agyr Space Launch System raketasynyň kömegi bilen kosmosa uçuryljak Orion kosmos gämisinde Aý stansiýasyna eltiler. Iki astronawt Blue Moon gonuş modulynyň kömegi bilen  Aýyň üstüne - Günorta polýusyň töweregine gondurylar we ol ýerde olaryň bir hepde töweregi bolmagyna garaşylýar, şondan soň olar stansiýa gaýdyp gelerler. Artemis-5 missiýasynyň öňüsyrasynda, modulyň Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne pilotsyz režimde synag goýberilişini geçirmek meýilleşdirilýär.
2021-nji ýylyň aprelinde NASA Artemis maksatnamasynyň üçünji tapgyrynda ulanylmagy meýilleşdirilýän gonduryş modulyny işläp taýýarlamak üçin telekeçi Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasyny saýlady. Blue Origin bilen Dynetics hem şertnama üçin ýüz tutdular, emma olaryň arzalary kabul edilmedi. Blue Origin -iň ýolbaşçylygy Amerikanyň kosmos gullugynyň kararyna täzeden garamagy talap edip kazyýete ýüz tutdy, ýöne NASA-nyň kararyna garşy çykmak synanyşyklary şowsuz tamamlandy.
NASA-nyň beýanatyndan görnüşi ýaly, gonduryş moduly azyndan iki kompaniýa tarapyndan işlenip taýýarlansa  bäsdeşlik güýçlener, çykdajylary azaltmaga hyzmat eder we şeýle-de ABŞ-nyň astronawtlary Aýyň üstüne gondurmak mümkinçiligini giňelder.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....