Fransiýanyň zikgehanasy 2024-nji ýylyň Olimpiadasy üçin teňňeleri çykardy

  • 20.05.2023 16:08
  • 6.6k+

Fransiýanyň Pariž zikgehanasy 2024-nji ýylda ýurtda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna bagyşlanan ýubileý teňňeleri çykardy. Bu barada edara salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

“2023-nji ýylda Parižiň zikgehanasy fransiýalylaryň 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk hereketlerine goşulyp, Frižiň (oýunlaryň resmi tumary) hem-de sportuň Olimpiýa we Paralimpiýa görnüşlerini şekillendirýän altyndan we kümüşden ýewro teňňeleriniň ýygyndysyny zikgeledi” – diýlip, zikgehananyň saýtynda aýdylýar.

Ýygynda 10 ýewro nominally dokuz kümüş teňňe girýär. Bu teňňelerde Friž sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýar. Olaryň her biri 75 müň nusga tiraž bilen çykaryldy, teňňeleriň bahasy 12-14 ýewro aralygynda üýtgeýär diýlip, maglumatlarda bellenilýär.
Mundan başga-da, 50 ýewro nominally we her biri 20 müň nusga tiražly iki kümüş teňňe çykaryldy. Olaryň birinde “Hemmeler gatnaşýar” sözleri bilen Friž şekillendirilen, beýlekisinde bolsa Friž Fransiýanyň baýdagyny saklaýar, onuň fonunda bolsa “Hoş geldiňiz!” diýen ýazgy bar. Olaryň bahasy 59 ýewro barabar.
250 we 500 ýewro nominally 999 probaly altyn teňňeleriň bahasy, degişlilikde, 250 we 500 ýewro barabar. Kiçi nominally teňňede Friž Parižiň fonunda Olimpiýa baýdagyny saklap dur, iň gymmat teňňede Friž Fransiýanyň taryhy nyşany bolan Mariannanyň egninde otyr. Birinji teňňe 10 müň nusga, ikinjisi 5 müň nusga bilen çykaryldy.
Ýatlap geçsek, Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda başlar.


24.11.2025 14:23
12k+

Altyn ätiýaçlygy boýunça ýurtlaryň infografikasy: Merkezi banklar ony çökgünlikden goranmak üçin ýygnaýarlar

Altyn iň ygtybarly we wagtyň synagyndan geçen gymmatly serişdeleriň biri bolmagynda galýar. Bütin dünýädäki Merkezi banklar onuň gorlaryny artdyrmagyny dowam etdirýärler, bu bolsa 2025-nji ýylda metalyň bahalarynyň rekord derejede ýokarlanmagyna getirdi...

22.11.2025 14:21
1.7k+

Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan maslahat geçirildi

18-nji noýabrda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar instituty – IRIS-iň maslahatlar zalynda «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi...

26.09.2025 20:30
3.5k+

Fransiýada gadymy zergärçilik ussahanasy tapyldy: “zergärler” balykgulak bilen işläpdirler

Fransiýada arheologlar, tötänlikde, balykgulakdan bezeg öndürýän iň gadymy ussahanany tapdylar. Onuň ýaşy 42 müň ýyl diýlip hasaplanylýar. Bu tapyndy La-Roş-a-Pierro atlandyrylýan paleolit ýadygärliginden, Sen-Sezer (Ýokary Şaranta) ýerinden tapyldy...

14.07.2025 11:15
6.6k+

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi...