Fransiýada çaga dogluş derejesi Ikinji Jahan urşy döwründäki derejä düşdi

  • 14.01.2026 18:08
  • 11k+

Fransiýanyň Milli Statistika we Ykdysady Barlaglar Institutynyň (INSEE) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Fransiýada dogluş derejesi 1944-nji ýyldan bäri iň pes derejä ýetdi.

Agentligiň maglumatlarynda 2025-nji ýylda ýurt boýunça 654,000 çaga doglandygy aýdylýar. Bu 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2,1% we dogluş derejesi iň ýokary derejä ýeten 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende 24% az diýmekdir.
Dogluş koeffesienti hem edil şonuň ýaly. Ol 2024-nji ýylda her aýala 1,61 çagadan 2025-nji ýylda 1,56 çaga çenli üýtgedi. Hasabatda munuň Birinji Jahan urşundan bäri iň pes görkezijidigi bellenilýär.
INSEE-de ölüm derejesiniň hem artýandygy hasaba alyndy. 2025-nji ýylda aradan çykanlaryň sany 651,000-e ýetdi. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,5% artykdyr. Hasabatçylar muny gyşda, esasanam ýylyň başynda bolup geçen  dümew epidemiýasy bilen baglanyşdyrýarlar.
Muňa garamazdan, Fransiýanyň umumy ilaty 2024-nji ýyldaky 68,6 million adama garanyňda az-kem artyp,  69,1 milliona ýetdi.

Ýurtda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy aýallar üçin 85,9 ýyl, erkekler üçin bolsa 80,3 ýyldyr.


düýn 17:29
6.2k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

31.05.2026 13:30
7k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

24.04.2026 21:42
14k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......