Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

  • 19.05.2023 07:50
  • 21k+

18-nji maýda Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden hem-de dabaraly bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň ýanynda we Baş baýdagyň öňündäki meýdançada geçirilen dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dabaralara şeýle hem Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Dabaralaryň barşynda Konstitusiýa binasyna, soňra paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşýän 133 metrlik baýdak sütüniniň ýanyndaky meýdançada baýdak sütüniniň öňünde gül desseleri goýuldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çäresiniň dowam edýän pursatlarynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bilen söhbetdeş boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow çeper döredijilikde köpleriň halypasy saýylýan şahyr zenany şanly baýram bilen gutlap, oňa ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan dabaralara işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......