Serdar Berdimuhamedow Sianda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

  • 18.05.2023 15:22
  • 14k+

HHR-iň Sian şäherinde Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi.

Döwlet Baştutanlar halkara düzümlerde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegini şeýle hem söwda-ykdysady, energetika, ulag, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem taraplary gyzyklandyrýan halkara we sebit meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşyp, parahatçylygy, howpsuzlygy we ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmek işinde hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça garaýyşlaryň doly gabat gelýändigini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa–Hytaý» görnüşindäki birinji Sammitine gatnaşmak üçin Hytaýa çakylygy üçin, HHR-iň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurda häzirki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik döredýändigini belledi.
Ýokary derejedäki gepleşikler tamamlandan soňra, döwlet Baştutanlaryň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......