Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

  • 18.05.2023 08:55
  • 8.3k+

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Getsi, bu kompaniýany esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Sanktýohanseri, “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny dolandyrmak boýunça edara binasy Dýusseldorfda bolan geňeşçi, hyzmatdaş Armin Raffalskini we “Prodoehl Consult GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hans Gerd Prodeli kabul etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow germaniýaly hyzmatdaşlaryň Aşgabada bu gezekki saparynyň dowamynda türkmen kärdeşleri bilen geljegi uly hasaplanýan taslamalar we maýa goýum gatnaşyklary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de pikir alyşmaga oňyn mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň senagat, oba hojalygy, bank ulgamy, ulag we kommunikasiýa ýaly ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary alyp barýandyklary bellenildi. Köp ýyllaryň dowamynda geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda GFR-iň birnäçe iri kompaniýalary netijeli iş alyp barýarlar.
Duşuşygyň dowamynda giň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasaty amala aşyrýan ýurdumyzyň halkara derejede uly abraýa eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esasy ugur edinýändigi bellenildi.
Köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak üçin uly geljegiň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň germaniýaly hyzmatdaşlaryň tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.


şu gün 08:13
1.3k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.4k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.3k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
692

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......