Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 16.05.2023 15:23
  • 11k+

Şu gün, 16-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasy bilen döwlet we hökümet derejelerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli özara hereketleriň esasy ýagdaýlaryň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
Şeýle hem Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli giň gerimli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, howa ulaglar tehnikalaryny we ýük awtoulaglaryny ibermekde taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki üstünlikli işler hem-de bu ugurda uly kuwwatyň bardygy bellenildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma döredýän dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini beýan etdiler.


şu gün 16:02
688

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......