Toyota Indoneziýada Highlander görnüşli täze Toyota Yaris Cross-y tanyşdyrdy

  • 16.05.2023 12:30
  • 20k+

Toyota Indoneziýada Ýewropanyň, Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň bazarlary B-SUV ady bilen çykarýan modeline asla baglanyşygy bolmadyk täze Yaris Cross-yň önümçiligine başlar. Krossower has uly RAV4-iň we Highlander-iň stilini aldy we benzin bilen gibrid güýç gurluşlarynyň arasynda saýlamagy teklip edýär.

Täze Yaris Cross Indoneziýa bazaryndaky Raize  we Corolla Cross modelleriniň arasyndaky orny eýelär.
Radiatoryň uly gözenegi we agressiw faralar Highlander-i ýada salýar, tekeriň inedördül arkalary, reňkli yzky "eginler" we yzky çyralar RAV4-iň güýçli görnüşini berýär.
Awtoulag TNGA arhitekturasynyň arzan görnüşi bolan Daihatsu DNGA modul platformasynda guruldy. Awtoulagyň uzynlygy 4310 mm, tekeri 2620 mm.
Toyota Yaris Cross 2023-iň esasy wersiýasy 106 at güýji bolan 1,5 litrlik hereketlendirijini we wariatory aldy. Şeýle hem 91 at güýji bolan benzin hereketlendirijili we 80 at güýji bolan elektrik hereketlendirijili gibrid görnüşi bar. Batareýanyň aýratynlyklary we ýöreýiş ätiýaçlygy görkezilmedi.
Awtoulagyň içi görkezilmedi, ýöne esasy ekranyň diagonalynyň 10.1 dýuým, sanly gurallar paneliniň diagonaly 7 dýuým boljakdygy wada berildi.
Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmaklaryna görä, bagažda dört sany doly derejeli çemedan ýerleşdirilip bilner.
Satuwyň başlanýan senesi we bahalary soň yglan ediler.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......