Dubaý täze taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde dünýä lideri boldy

  • 16.05.2023 11:40
  • 14k+

Dubaý 2022-nji ýylyň jemleri boýunça täze kärhanalara (Grinfild FDI) göni daşary ýurt maýa goýumlary (GDÝMG) boýunça dünýä sanawynda birinji ýeri eýeledi. Muny ýekşenbe güni emirligiň mirasdüşer şazadasy Hamdan ben Muhammed Al Maktum habar berdi.

Dubaýyň mirasdüşer şazadasy: "Dubaý ýyllyk 89,5% ösüş we 47 milliard dirhem (takmynan 12,8 mlrd dollar) GDÝMG akymlary bilen 2022-nji ýylda täze kärhanalara GDÝMG çekmek boýunça dünýäde yzygider ikinji ýyl birinji orunda durýar" diýip, Twitterde ýazdy. Emirligiň hökümetiniň metbugat gullugy Dubaýdaky täze taslamalara iň köp maýa goýujylaryň ABŞ (20%), Beýik Britaniýa (13%), Hindistan (12%), Fransiýa (5%) we Şweýsariýa (4%) bolandygyny aýtdy.
Mundan ozal, Financial Times-yň seljeriş bölümi bolan fDi Intelligence-iň maglumatlaryna salgylanyp, Arabian Business portaly koronawirus pandemiýasy ýüze çykandan soň, BAE GDÝMG-niň ösüşinde dünýäde birinji orunda durýar diýip habar berdi. Ýurt 2020-nji ýylyň mart aýynda koronawirus  Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan pandemiýa hökmünde häsiýetlendirilenden bäri GDÝMG taslamalarynda iň köp ösüş gazandy.
DDi Intelligence-iň dünýä sanawynda arap döwletleri ilkinji üç orny eýeledi, emma Ýedi toparyň (G7) ýurtlarynyň birnäçesinde GDÝMG azaldy diýip, Arabian Business ýazýar. Şeýlelikde, Saud Arabystany we Katar degişlilikde ikinji we üçünji orny eýeledi. GDÝMG taslamalarynda iň uly pese gaçmalar Hytaýda, Beýik Britaniýada, Fransiýada we ABŞ-da hasaba alyndy.


24.06.2026 17:10
2.1k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

19.06.2026 19:30
3.7k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

31.05.2026 13:10
8.3k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......