ÝÖB-niň başlygy Türkmenistanyň bu banka goşulmagyna umyt edýändigini aýtdy

  • 16.05.2023 11:35
  • 9.6k+

Ýewraziýa Ösüş Bankynyň (ÝÖB) başlygy Nikolaý Podguzow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we beýleki ýurtlaryň soňlugy bilen banka goşulmagyna garaşýar. Ol bu barada Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň Ösüş Institutlarynyň Assosiasiýasynyň (ADFIAP) agzalary bolan maýadarlaryň konferensiýasynyň çäginde žurnalistlere aýtdy.

"Banka gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistany hem Azerbaýjany görmek isleýäris. Wagtyň geçmegi bilen bu ýurtlar hem banka goşular diýip umyt edýärin" –diýip ol belledi.

Şeýle hem, Podguzow ÝÖB bilen Özbegistanyň arasynda respublikanyň ösüş institutyna gatnaşyjylaryň sanawyna girmegi boýunça işjeň gepleşikleri dowam etdirýändigini aýtdy. Podguzow ADFIAP konferensiýasynyň çäginde: "Özbegistan bilen hakykatdanam aragatnaşyk saklaýarys we köp garaýyşlar has ýakynlaşdy. Özbegistan  häzire çenli bu banka girmek üçin iň hakyky  dalaşgärleriň biri bolmagy ahmal" – diýip belledi.
ÝÖB ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we gatnaşyjy ýurtlar: Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa we Täjigistan bilen ýewraziýa giňişliginde maýa goýum işlerini alyp barýan halkara maliýe guramasydyr. ÝÖB-niň portfelinde esasy paýy ulag infrastrukturasy, sanly ulgamlar, ýaşyl energiýa, oba hojalygy, senagat we inženerçilik ugurlarynda integrasiýa täsiri bolan taslamalar eýeleýär.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......