Türkmenistan Belarus bilen sport we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

  • 14.05.2023 18:01
  • 8.4k+

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew ýurduň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk bilen duşuşdy. Belarus Respublikasynyň Sport we Syýahatçylyk ministrliginiň binasynda geçirilen duşuşyk belarus tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Duşuşykda sport we syýahatçylyk pudagynda ikitaraplaýyn türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegi, şeýle hem köptaraplaýyn tertipde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alşyldy.
Taraplar sport pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şeýle hem syýahatçylyk pudagynda aragatnaşygyň depginini ýokarlandyrmakda özara gatnaşyklary dowam etdirmek isleýändiklerini mälim etdiler.
Duşuşykda esasy mowzuklaryň hatarynda 2023-nji ýylyň awgust aýynda Belarus Respublikasy tarapyndan geçiriljek GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagy hem ara alyp maslahatlaşyldy.


21.03.2026 07:40
1.7k+

Aşgabatda aprel aýynda «Turkmentravel – 2026» syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilen esasy meseleleriň biri «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk boldy. Çäreleri şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

27.01.2026 22:15
15k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar

25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar...

25.01.2026 18:53
7.1k+

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

2025-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady. Olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, işleýär we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär...

23.01.2026 18:32
8.8k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär...