Türkmenistanda 25-nji maýda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler

  • 14.05.2023 03:40
  • 23k+

25-nji maýda Türkmenistanda 2022–2023-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli çäreler hem-de umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlary üçin «Soňky jaň» dabaralary geçiriler. Çärelere görülýän taýýarlyk barada 13-nji maýda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesow habar berdi.

Baýramçylyk dabaralary däp boýunça paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdebinde oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak çäresi bilen başlanar.
Şol gün ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Ýurdumyz berkarar, gadamymyz batly – Arkadag Serdarly ýaşlarymyz bagtly!” atly şygar bilen baýramçylyk dabaralary guralar.
Has tapawutlanan uçurymlara Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
25-nji maýda agşam Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriler.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......