Hyundai i20 hetçbegini täzeledi

  • 13.05.2023 00:40
  • 7.3k+

Soňky nesliň Hyundai i20 ykjam hetçbegi bazara çykandan üç ýyl soň, kompaniýa ony ýeňil görnüşde gaýtadan işledi. Ulagyň daşy we içi az üýtgedi, güýç gurluşy-ha asyl hem öňküligine galdy.

Öň tarapynda dizaýnerler bamperiň dizaýnyny birneme düzedip, işleýän yşyklaryň görnüşini bilner-bilinmez üýtgetdiler. Şeýlelik bilen, iň görnükli täzelikler, markaly emblemanyň radiatoryň gözeneginden kapotyň öňündäki panele we özüne çekiji limon “metallik” reňke geçmegidir. Hemişe bolşy ýaly, yzky yşyklaryň nagşyny täzeden aldylar we garyndy tekerleriň täze görnüşlerini çekdiler.
Lucid Lime reňkini saýlanlar, kuzow üçin şol bir öwüşginde içerki bezeg wstawkalaryny sargyt edip bilerler. Satyn alynýan enjamlaryň arasynda USB-C zarýad beriş portlary, “howa arkaly” programma üpjünçiligini täzelemek funksiýasy we tigir sürýänleri işjeň howpsuzlyk ulgamlary tarapyndan tanamak bar. 10.3 dýuýmlyk iki displeýli klaster öňem  goýulýardy.
Bir litrlik benzin turbo hereketlendirijisi ýerine ýetirilişine baglylykda 100 ýa-da 120 at güýjüni öndürýär. Olar bilen jübütlikde  6 tizlikli "mehanika" ýa-da 7 tizlikli öňünden saýlanan "robot" bolýar. Mundan başga-da, birinjisi ýangyç tygşytlamak üçin tigirlenip hereket edende hereketlendirijiden doly aýrylmagy başarýar.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....