Lexus GX-yň täze nesliniň ilkinji suratlary peýda boldy

  • 12.05.2023 17:32
  • 33k+

Lexus kompaniýasy ýakyn wagtda nesli täzelenmeli GX wnedorožniginiň ilkinji tizer suratlaryny çap etdi. Wagtal-wagtal täzelenýän GX-iň häzirki wersiýasy 2009-njy ýyldan bäri çykýar. Suratdan çen tutsaň, model çynlakaý üýtgedilen görnüşe eýe bolar we wnedorožnigiň mümkinçiliklerini saklap galar. Ilkinji çykyş senesi entek yglan edilmedi.

Birinji suratda faranyň, kapotyň bir bölegi we tigir arkasy görkezilýär. Täze Lexus GX-iň baş optikasynyň has agras sudury alandygy, gözenegiň garaldylandygy, kapotyň bolsa has burçly hem-de relýeflidigi aýdyň görünýär. Mundan başga-da, wnedorožnik giňeldilen tigir arkalary bilen enjamlaşdyrylar.
Ikinji suratda yzky aýnanyň aşagyndaky ýükdanyň gapysynda diňe Lexus diýen ýazgy görünýär. Gapa hapa pürkülendirdir, görnüşi ýaly, bu GX-iň doly bahaly wnedorožnik bolup galjakdygynyň alamaty bolsa gerek .
Täze ulag, göwrümi has kiçi bolsa-da, häzirki Toyota Land Cruiser bilen TNGA-F modul platformasyny paýlaşar diýlip çaklanylýar. Geljekde täze GX esasynda kompaniýa Land Cruiser Prado-nyň indiki neslini çykaryp biler.


12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....