Tencent Hytaýda dünýäniň iň uly maglumat merkezini gurar

  • 11.05.2023 19:58
  • 9.2k+

Tencent telekommunikasiýa kompaniýasy Hytaýda dünýädäki iň uly maglumat merkeziniň gurluşygyny tamamlady. Bu barada çarşenbe güni "Izaý global" maglumat çeşmesi habar berdi.

Öňdebaryjy emeli aňyň hasaplaýyş merkezi diýlip atlandyrylýan desga Şanhaýyň Sunszýan etrabynda ýerleşer. Bu taslama Tencent tarapyndan etrap häkimligi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Taslamanyň operatorynyň başlygynyň orunbasary Wan Çžisiniň sözlerine görä, şu güne çenli 10,000 serweri bolan dört bina guruldy.
Ähli işler tamamlanandan soň desgada 800 müň serwer gurulmalydyr. Desganyň işe girizilmeli senesi entek kesgitlenmedi.
Merkez, hususan-da, bulut hasaplaýyş ulgamyndaky maglumatlary gaýtadan işlemek, gyssagly habarlaşma hyzmatlaryny amala aşyrmak, şeýle hem saglyk ätiýaçlandyryşy bilen baglanyşykly işler bilen meşgullanar.


düýn 18:51
3.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.6k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....