Twitter-de ses audio we wideo jaň hyzmatlary peýda bolar

  • 11.05.2023 19:47
  • 4.1k+

Amerikanyň Twitter sosial ulgamy ýakyn wagtda ses we wideo jaňlarynyň funksiýasyny goşar. Sişenbe güni sosial ulgamyň eýesi Ilon Mask özüniň Twitter sahypasynda bu barada habar berdi.

"Ýakyn wagtda bu platformanyň ulanyjylary üçin ses we wideo çaty elýeterli bolar, onsoň siz dünýäniň islendik ýerindäki adamlar bilen, telefon belgiňizi bermezden, aragatnaşyk saklap bilersiňiz" – diýip, Maskyň habarynda aýdylýar.

Onuň sözlerine görä, sosial ulgamyň goşundysynyň iň soňky wersiýasynda täzelikler hem bar. Şahsy habarlary goragly gulplamak we şahada öň çap edilen habarlaryň islendik birine jogap bermek funksiýasyna eýe bolar.
2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Mask Twitteri satyn almak üçin 44 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Şondan soň basym ol sosial ulgamda birnäçe üýtgeşmäni yglan etdi we durmuşa geçirdi.


11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
1.9k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...

03.03.2026 23:28
6.8k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...