Toyota 2022-nji ýylda 275 milliard dollarlyk söwda etdi. Bu kompaniýa üçin rekord

  • 11.05.2023 19:50
  • 20k+

Ýapon awtoulag öndürijisi Toyota Motor-yň 2022-nji maliýe ýylynda (2023-nji ýylyň martynda tamamlandy) satuwy 37,15 trillion ýen (takmynan 275 milliard dollar) boldy. Bu kompaniýanyň çarşenbe güni çap eden statistikasynda görkezilýär.

Bilermenler ýokary görkezijileriň esasy sebäpleriniň satylan awtoulaglaryň sanynyň dikeldilmegi we iri eksportçylar üçin bähbitli bolan ýeniň dowamly gowşamagynyň bolandygyny aýtdylar.
Şol bir wagtyň özünde Toyota Motor-yň 2022-nji maliýe ýylynda arassa girdejisi, çig mal çykdajylarynyň ýokarlanmagy sebäpli, öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 14 göterim azaldy we 2,45 trillion iýen (takmynan 18,1 milliard dollar) boldy.
Awtoulag ägirdiniň ýolbaşçylygynda habar berlişi ýaly, kompaniýanyň öňümizdäki ýyllar üçin meýilnamasynda 2026-njy ýyla çenli elektromobiliň on sany täze modelini çykarmak göz öňünde tutulýar. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli Ýewropada we 2035-nji ýyla çenli Hytaýda diňe elektrik hem-de gibrid ulaglary satmagy meýilleşdirýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......