Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynda Aba Annaýew şäherçesi döredildi

  • 11.05.2023 08:25
  • 17k+

Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň düzüm bölegi bolan, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuşy, zähmet çekmegi üçin has amatly şertleri bolan ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesi berildi we oňa halypa seýis Aba Annaýewiň ady dakyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy gol çekdi.

Mundan beýläk ol Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesi diýlip atlandyrylar.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirer.
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary 2023-nji ýylyň 23-nji iýulyna, ýekşenbe gününe bellenildi.


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......