Karl III-ä täç geýdirme dabarasyna 20 mln britaniýaly tomaşa etdi

  • 10.05.2023 13:55
  • 17k+

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-ä täç geýdirme dabarasy 20 mln britaniýalyny telewizoryň ekranynyň öňünde ýygnady, bu bolsa 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda häzirki monarhyň ejesi Ýelizaweta II-niň jaýlanyşyna tomaşa edenlerden 9 mln adam azdyr. Bu barada ýaýlym auditoriýasyny öwrenmek boýunça geňeşiň maglumatlaryna salgylanyp, "The Guardian" gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Westminster abbatlygyndaky dabara Bi-bi-si ýaýlym korporasiýasynyň dürli telekanallary arkaly 15,5 mln teletomaşaçy, ITV telekanaly arkaly 3,6 mln adam, Sky News telekanaly arkaly 800 müň adam tomaşa etdi. Karl III-ä täç geýdiriş dabarasy 2023-nji ýylda Britaniýanyň telewideniýesinde iň meşhur waka boldy diýip, gazet belleýär.
74 ýaşly Karl III-ä täç geýdirme dabarasy şenbe güni Londondaky Westminster abbatlygynda Ýelizaweta II aradan çykandan tas sekiz aý soň geçirildi. 100-e golaý daşary ýurt liderleri, Beýik Britaniýanyň abraýly syýasatçylary, Arkalaşygyň döwletleriniň general-gubernatorlary, uly administratiw birliklerdäki patyşalaryň lord-kömekçileri, dürli buthanalaryň, ýaragly güýçleriň wekilleri, Nobel baýragynyň eýeleri, jemgyýetçilik we haýyr-sahawat guramalarynyň hem-de adatdan daşary gulluklaryň işgärleri bu çäräniň hormatly myhmanlary boldular.


11.05.2026 15:25
1.3k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.3k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
924

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......

29.04.2026 12:09
2.9k+

Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25......