Türkmenistandan geçjek «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça ilkinji konteýner otlusy Russiýadan ugrady

  • 08.05.2023 16:02
  • 30k+

«Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça ilkinji konteýner otlusy Günorta-Ural demir ýolunyň (ÝuUŽD) Çelýabinsk-Gruzowoý bekedinden ugrady.

Konteýnerli 31 platforma Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden Eýran portuna geçer. Soňra reňkli metallardan we azyk önümlerinden ybarat ýük deňiz arkaly Hindistana iberiler.
Günorta-Ural magistralynda konteýner otlusynyň hereketi üçin Russiýanyň çäginde “Meýilleşdirilen daşaýyş” hyzmatynyň çäginde ýöriteleşdirilen ugur tertibi, şol sanda harytlaryň çalt eltilmegi boýunça tertip işlenip düzüldi.
Günorta-Ural demir ýolundaky halkara “Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça ýük daşamagyň ösüşi sebitdäki kärhanalar üçin hyzmatdaşlyga täze mümkinçilikler açýar.
"Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesi (HUG) ýolagçylary we harytlary daşamak üçin multimodal ugur. Onuň Sankt-Peterburgdan Mumbai portuna (Bombeý) çenli umumy uzynlygy 7200 km.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......