Kanadada Ýelizaweta II-niň 20 dollarlyk kagyz puldaky keşbi Karl III-niň portreti bilen çalşyrylar

  • 08.05.2023 15:51
  • 20k+

Kanadanyň zikgehanasy 20 dollarlyk kagyz pulda patyşa Karl III-niň portretini ýerleşdirer. Kagyz puldaky Beýik Britaniýanyň öňki şa zenany Ýelizaweta II-niň keşbi çalşyrylar. Bu barada şenbe güni CBC teleýaýlymy Zikgehananyň ýolbaşçylygyna salgylanyp habar berdi.

Çalyşmak prosesi birnäçe ýyl dowam eder. Täze kagyz puluň dizaýnynyň eýýäm şu güýzde taýýar bolmagyna garaşylýar. Ahyrynda ol Bukingem köşgi tarapyndan tassyklanar.
Şeýle hem, wagtyň geçmegi bilen kanadanyň ähli teňňelerinde patyşanyň portreti zikgelener. Häzir onda Ýelizaweta II-iň profili bar.
Angliýany 70 ýyl 7 aýlap dolandyran Ýelizaweta II 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Şotlandiýanyň Balmoral galasynda aradan çykdy. Uels şazadasy Karl Ýelizaweta II ölenden soň täze monarh boldy. Ol Karl III diýen tagt adyny aldy.
6-njy maýda patyşa Karl III-e we onuň aýaly Kamilla Londondaky Westminster abbatlygynda täç geýdirildi.


28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

28.01.2026 15:06
1.9k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  (oturýan ýeri Astana şäherinde) Kristofer Daggan bilen duşuşdy...

03.07.2025 11:18
14k+

Britaniýanyň patyşa maşgalasy ýokary çykdajylar sebäpli öz otlusyny ulanmagyny bes eder

Britaniýanyň patyşa maşgalasy 2027-nji ýyla çenli dokuz wagondan ybarat patyşalyk otlusyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär diýip, Sky News habar berýär. Munuň sebäbi tehniki hyzmat üçin şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy we otlyny saklamak üçin çykdajylaryň ýokary bolmagy boldy...

01.07.2025 08:11
4.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny Kanadanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden...