Uorren Baffetiň holdinginiň girdejisi ätiýaçlandyryş işiniň hasabyna 13% ýokarlandy

  • 08.05.2023 15:48
  • 4.3k+

Maýadar Uorren Baffetiň (emlägi Forbes žurnalynyň wersiýasyna görä, 112,8 milliard dollar) eýeçiligindäki Berkshire Hathaway amerikan holding kompaniýasynyň amal girdejisi 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde (ýanwar-mart) 12,6 göterim ýokarlanyp, 8,065 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumat kompaniýanyň hasabatynda görkezilýär diýip, gazeta.ru habar berýär.

Maliýe konglomeratynyň ýokarlanmagynyň esasy bölegi holdingiň ätiýaçlandyryş işinden geldi. Bu ugurdaky ähli girdeji, 2022-nji ýylyň degişli döwründe alnan 1,34 milliard dollar bilen deňeşdirilende, 2,88 milliard dollar boldy.
Hususan-da, Geico awtoulag ätiýaçlandyryjysy awtoulag eýelerinden alnan  has ýokary ortaça sylaglaryň tölegleriniň hasabyna 703 million dollar gazandy. Görkeziji yzly-yzyna birnäçe girdejili çärýekden soň ilkinji gezek ýokarlandy.
Kompaniýanyň arassa girdejisi (amal girdejisi + fond bazaryndaky geleşikler  boýunça netijeler), 2022-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary bilen deňeşdirilende, 6,3 esse artyp, 35,5 milliard dollara ýetdi.


27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

31.01.2026 09:16
997

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

11.11.2025 14:30
8.5k+

“Beýiklik pul bilen ölçenmeýär”: Baffet paýdarlara hoşlaşyk hatyny ýazdy

Belli maýadar Uorren Baffet Berkshire Hathaway kompaniýasynyň paýdarlaryna hoşlaşyk hatyny neşir etdi. Hatynda ol kompaniýanyň 1800 paýnamasyny konwertirlejekdigini we olary öz çagalarynyň haýyr-sahawat gaznalaryna berjekdigini aýtdy...

02.11.2025 20:05
2.7k+

Nvidia Nokia-a 1 mlrd dollar maýa goýýar

Nokia kompaniýasy Nvidia-nyň özüne 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu serişdeler täze çykarylan Nokia paýnamalaryny satyn almak we emeli aň (AI) tehnologiýalary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylar...