L’Oreal dördünji ýyl dünýäniň iň gymmat kosmetika brendleriniň reýtinginde lider boldy

  • 07.05.2023 12:34
  • 8.4k+

Fransiýanyň L’Oreal brendi yzygider dördünji ýyl dünýäniň iň gymmat kosmetika brendleriniň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Muny Brand Finance-yň maglumatlary delillendirýär diýip, interfax.ru habar berýär.

Geçen ýyl brendiň bahasy 7,2% ýokarlanyp, 12,03 mlrd dollara ýetdi.
Estee Lauder amerikan brendi tas 10% peselişe (7,15 mlrd dollara çenli) garamazdan, ikinji orunda galdy.
Üçünji orna Nivea (Germaniýanyň Beiersdorf kompaniýasyna degişli) çykdy, ol Gilette brendini (Procter & Gamble Co. kompaniýasy eýeçilik edýär) dördünji orna geçirdi. Şol bir wagtyň özünde, brendleriň ikisiniňem bahasy peseldi – degişlilikde 2,8% (6,62 mlrd dollara çenli) we 4,8% (6,58 mlrd dollara çenli).
Şeýle-de, liderleriň onlugyna Dove (6,47 mlrd dollar), Guerlain (6,31 mlrd dollar), Lancome (5,2 mlrd dollar), Clinique (4,83 mlrd dollar), Pantene (4,64 mlrd dollar) we Garnier (4,1 mlrd dollar) girýär.
Iň çalt ösýän brend Chando hytaý brendi boldy, onuň bahasy bir ýylda 36% (1,3 mlrd dollara çenli) ýokarlandy. Häzir ol reýtingde 32-nji orny eýeleýär.

düýn 19:42
1.3k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

düýn 18:57
8.4k+

Gazagystanly milliarder baýlygynyň ýarysyny haýyr-sahawata berýär

2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç......

düýn 12:04
1.1k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

09.05.2026 16:36
3.5k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....