BSGG dünýäde koronawirus boýunça adatdan daşary ýagdaýyň tamamlanandygyny yglan etdi

  • 06.05.2023 10:50
  • 10k+

BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus global saglygy goraýyş pudagynda COVID-19 bilen bagly adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň tamamlanandygyny yglan etdi. Bu barada belta.by habar berýär.

Gebreýesus bir gün öň BSGG-niň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komitetiniň 2020-nj ýyldan bäri hereket edýän adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereketini bes etmegi maslahat berendigini aýtdy. BSGG-niň ýolbaşçysy bu maslahat bilen razylaşdy. “Men uly umyt bilen COVID-19-yň global adatdan daşary ýagdaý hökmünde tamamlanýandygyny yglan edýärin” – diýip, ol belledi.
Şol bir wagtyň özünde, BSGG ýurtlaryň mundan beýläk hem koronawirus bilen baglylykda hüşgär bolmalydygyny, sebäbi onuň hiç ýere ýitmän, görnüşini üýtgetmegi dowam etdirýändigini belledi. Keseliň täzeden ýaýramagyna sebäp bolup biljek wirusyň täze görnüşleriniň peýda bolmak howpy saklanýar. Koronawirus bilen bagly adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň bes edilmegini COVID-19-a bolan ünsi pese düşürmek üçin sebäp hökmünde görmeli däl diýip, ol belledi.


düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......