BSGG: dört hepdäniň içinde dünýäde COVID-19 zerarly ýogalýanlaryň 30% azaldy

  • 05.05.2023 11:57
  • 8.9k+

3-nji aprelden 30-njy aprel aralygynda dünýäde 2,8 million adama koronawirus ýokuşdy, 17 müňden gowrak adam aradan çykdy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň anna güni agşam beren habaryna görä, aradan çykanlaryň sany, öňki 28 gün bilen deňeşdirilende, 30%, keseller ýokuşanlaryň sany 17% azaldy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde dört hepdäniň içinde 2 779 198 ýokuşma we 17459 ölüm hasaba alyndy.
28 günüň dowamynda kesellänleriň aglabasy ABŞ-da ýüze çykaryldy – 392 480. Ondan soň Koreýa Respublikasy (330 509), Ýaponiýa (251158), Hindistan (222 784) we Fransiýa (197 190) gelýär. Bu ýokançdan 3-nji aprelden 30-njy aprel aralygynda iň köp ýogalan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda - 2663 adam boldy. Ondan soň Braziliýa (1 255), Russiýa (993), Fransiýa (871) we Eýran (762) gelýär.
3-nji maýdaky ýagdaý boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynda pandemiýa başlanaly bäri koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň 765 222 932 bolandygy we 6 921 614 adamyň bolsa ýogalandygy barada maglumat jemlendi.


08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

10.05.2026 18:46
4.3k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.3k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....