Türkiýäniň daşary ýurtlardaky ählumumy saýlawlarynda 1 milliondan gowrak türk raýaty ses berdi

  • 05.05.2023 11:34
  • 14k+

27-nji aprelde, 14-nji maýda geçiriljek prezident we parlament saýlawlarynyň çäklerinde ses berişlik başlaly bäri, 1 milliondan gowrak türk raýaty daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda ses berdi. Bu barada çarşenbe güni agşam Türkiýäniň Merkezi saýlaw topary hasabat berdi.

"3-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 21:30-da (23:30 aşgabat wagty) daşary ýurt wekilhanalarynda we barlag nokatlarynda ses beren saýlawçylaryň sany 1 million 7 müň 165 adam boldy" diýlip hasabatda aýdylýar.

3,4 million türk raýaty daşary ýurtdaka ses berip biler, şolardan 277,6 müň adam ilkinji gezek ses bermek hukugyndan peýdalanýar. Ses bermeklik 9-njy maýa çenli dowam eder.
MST-nyň habaryna görä, 14-nji maýda geçiriljek saýlawlara jemi 64 million türk raýaty gatnaşyp biler. Ýurduň içinde we onuň çäginden daşarda 191,884 saýlaw gutusy gurlar. Prezident saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşýar. Parlament saýlawlaryna 26 partiýa gatnaşýar.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......