Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde 4 aýyň jemleri jemlenildi

  • 03.05.2023 21:59
  • 28k+

Şu gün, 3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň barşynda Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Ýaragly Güýçlerinde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, düzümleriň birnäçesinde degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri, şeýle hem ähli ulgamlarda kanunylygyň berk berjaý edilişine gözegçilik boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň dört aýynda  geçirilen işleriň jemleri, garamagyndaky düzümlerde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri, degişli ulgamy ösdürmegiň Maksatnamasynyň  ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew garalýan döwürde geçirilen işler hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň dört aýynda geçirilen işleriň jemleri, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek, ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler, şeýle hem serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gullugy we mynasyp durmuşy üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylýan teklipler barada hasabat berdi.
Soňra döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew  şu ýylyň dört aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, Watanymyzyň serhedinden geçýän, şol sanda barha artýan üstaşyr ýük akymlaryny geçirmegi ýeňilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen çäreler, şeýle hem işgärler üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Wolsahatow ýylyň başyndan bäri bu düzümiň Ösüş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek işleriniň durmuşa geçiriljekdigini, döwletimiziň goranyş ukybynyň berkidiljekdigini, şeýle hem  harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertleriniň yzygiderli gowulandyrylakdygyny belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde, şeýle hem beýleki meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


düýn 17:31
936

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....