Ärdogan: täze tapylan nebit ýatagy ony daşary ýurtlardan almak zerurlygyny aradan aýrar

  • 03.05.2023 18:08
  • 18k+

Türkiýede täze nebit ýatagynyň üsti açyldy. Netijede indi daşary ýurtlardan energiýa serişdelerini getirmek zerurlygy aradan aýrylar. Bu barada sişenbe güni Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi.

"Biz Gabar sebitinde (günorta-gündogar) 2,6 km çuňlukda nebit tapdyk. Ýatagyň günde 100 000 barrele çenli önümçilik kuwwaty bar. Bu ýatakdan Türkiýäniň beýleki nebit ýataklaryndan alanyňdakydan has köp nebit çykarylar. Türkiýe mundan beýläk energiýa serişdeleriniň üpjünçiligine mätäç ýurt bolmaz. Biz energiýa serişdeleri bilen üpjün edip biljek döwlete öwrüleris "- diýip Prezident nygtady.

Türk Lideriniň sözlerine görä, agzalan ýatakdan çig mal nebiti gaýtadan işleýän zawodlara eýýäm akyp başlady. Uglewodorodlaryň täze çeşmesiniň tapylandygy baradaky beýannama Ärdogan tarapyndan respublikadaky prezident we parlament saýlawlarynyň 12 gün öňýany berildi.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......