Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça biraýlyk geçirilýär

  • 03.05.2023 17:52
  • 40k+

Her ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we onuň hyzmatdaş döwletleri Temmäkä garşy bütindünýä göreş gününi belleýärler. Şol mynasybetli 1-nji maýda Türkmenistanda her ýylda geçirilýän temmäkä garşy göreşmek boýunça biraýlyga badalga berildi.

Biraýlygyň çäklerinde ýurduň ähli welaýatlarynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti, zyýanly endikleriň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirleri dogrusynda wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar, sport ýaryşlary geçiriler, mekdep okuwçylarynyň arasynda surat çekmek bäsleşikleri guralar. Geçirilýän çärelerde temmäkiniň adam saglygyna zyýanyny düşündirýän dürli plakatlar, wideorolikler, suratlar görkeziler.
Belläp geçsek, adam bedenine temmäkiniň zäherleýji maddalarynyň täsir -etmeýän agzasy ýokdur. Öýken keselleri bilen keselleýänleriň aglabasy çilim çekýänlerdir. Temmäki tüssesi arkaly bedene yzygiderli düşýän zäherli madda-lar demalyş ýollarynda, öýkende, ýürekde, nerw ulgamynda kem-kemden nä-sazlyklaryň, soňlugy bilen bolsa, howply keselleriň döremegine alyp barýar. Çilim çekýän adamyň göreji ir kütelýär, eşidiş, duýuş we ys alyş ukyplary wagtyndan öň peselýär. Bulardan başga-da, olaryň çagalarynyň arasynda dürli dogabitdi näsazlyklar we kemçilikler bilen dogulmak ähtimallygy ýüze çykýar.
Geçirilýän biraýlygyň hem esasy maksady adama çilimiň beden, ruhy, durmuş taýdan ýetirýän zyýanyny düşündirmekden, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz etmekden ybaratdyr.


20.06.2026 12:08
7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......