Toyota heläkçilik synaglarynyň netijeleriniň galplaşdyrylandygyny boýun aldy

  • 03.05.2023 11:19
  • 28k+

Toyota birnäçe modelde heläkçilik synaglarynyň (kraş test) netijelerini galplaşdyrandygyny boýun alýar we bu ýagdaý boýunça öz derňewini geçirer. Bu barada konserniň direktorlar geňeşiniň başlygy Akio Toýodanyň adyndan çap edilen resmi beýanatda aýdylýar. Howpsuzlyk synaglary bilen manipulýasiýa konserniň düzümine girýän Daihatsu-nyň işgärleri tarapyndan geçirildi.

Daihatsu-nyň özi hem netijeleriň galplaşdyrylandygyny resmi taýdan boýun aldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, konserniň dört sany arzan modeliniň gapdal heläkçilik synagy wagtynda, gapdal howa ýassygy herekete gelende şikes howpuny azaltmak üçin synag ulaglarynda alternatiw gapy panelleri ulanyldy. Tapgyrlaýyn çykan ulaglarda bolsa beýle paneller ýok.
Synagyň netijeleri Toyota Yaris Ativ, Toyota Agya, Perodua Axia we ady aýdylmadyk başga bir model üçin galplaşdyryldy. Olar bazara Daihatsu markasy bilen çykmady, ýöne bu kompaniýa awtoulaglary öndürmek we synagdan geçirmek bilen meşgullandy. Umuman alanyňda, resmi maglumatlara görä, konsern Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna bu modelleriň 88 müňe golaýyny satmagy başarypdyr.
Daihatsu synagyň netijeleriniň galplaşdyrylmagyna kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň dahylsyzdygyny aýtdy. Ol bu ýagdaý barada şu ýylyň aprel aýynda bir maglumatçydan bilýär, şondan soň deslapky derňew işine başlanýar we onuň dowamynda faktlar tassyklanýar. Potensial howply ulaglary satmak togtadyldy we gaýtadan heläkçilik synaglaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Akio Toýoda konserniň adyndan resmi ýagdaýda ötünç sorady we jikme-jik derňewiň netijeleriniň haýal etmän çap ediljekdigini aýtdy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......