Türkmenistanda ýanwar-aprel aýlarynda nagt däl amallaryň möçberi 41% artdy

  • 03.05.2023 10:47
  • 13k+

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda nagt däl amallaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 41,05% artyp, 3,83 mlrd türkmen manadyna deň boldy. Muňa Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan çap edilen maglumatlar şaýatlyk edýär.

Statistikada bankomatlaryň, bank kartlary bilen töleg terminallarynyň, internet-banking ulgamynyň, mobil bankingiň, «Elektron täjirçilik» we «Halkbank terminal» ulgamlarynyň üsti bilen amala aşyrylan ähli nagt däl amallar hasaba alnandyr.
Nagt däl hasaplaşyklaryň iň köp bölegi bank kartlary arkaly töleg terminallarynyň üsti bilen — jemi 3,56 mlrd manat möçberinde geçirilipdir. Amallaryň aglabasy «Daýhanbank» DTB-nyň terminallarynyň üsti bilen geçirilipdir.
Nagt däl tölegler pul serişdeleriniň dolanyşygyny tizleşdirýär we ykdysadyýetde serişdeleriň hereket edişini anyk yzarlamaga mümkinçilik berýär.
Umuman, nagt däl amallaryň ulanylmagy häzirki zaman ykdysadyýetiniň ösmeginiň esasy faktorlarynyň biridir we geljekde olaryň ähmiýeti diňe artar.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......