Karl III-niň täç geýdiriliş dabarasyna 103 döwletden 2,2 müň adam gatnaşar

  • 02.05.2023 16:38
  • 10k+

6-njy iýunda Westminster Abbatlygynda geçiriljek Beýik Britaniýanyň şasy Karl III-iň täç geýdirilişine 2,2 müňden gowrak adam gatnaşar. Duşenbe güni Bukingem köşgüniň ýaýradan beýanatyna görä, oňa 203 ýurtdan myhmanlar geler, şol bir wagtda 100-e golaý ýurda ýokary derejeli adamlar wekilçilik ediler diýip, TASS habar berýär.

Onuň Alyhezretiniň edarasynyň beren beýanatynda bellenilişi ýaly, sanawy berilmedik döwlet we hökümet baştutanlaryndan hem-de şa maşgalasynyň agzalaryndan başga-da, Karl III-iň täç geýdirilişine Uelsiň, Şotlandiýanyň we  Demirgazyk Irlandiýanyň hökümet baştutanlary, Arkalaşygyň ýurtlarynyň baş gubernatorlary, iri dolandyryş birliklerinde Şanyň lord-häkimleri, dürli ybadathanalaryň, ýaragly güýçleriň, diplomatik korpuslaryň wekilleri, Nobel baýragynyň eýeleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we adatdan daşary gulluklaryň işgärleri syn ederler. Mundan başga-da, häzirki monarh tarapyndan heniz Uelsiň şazadasy Karl we aýaly konsort-şa zenan Kamilla tarapyndan döredilen haýyr-sahawat gaznalarynda işleýän 400 töweregi ýaşlara çakylyk iberildi.
Karl III-iň täç geýdirilişi Ýelizaweta II-niň aradan çykanyna sekiz aý dolanda bolar. Ozal habar berlişi ýaly, dabara çakylygy Wengriýanyň, Irlandiýanyň, Polşanyň, Filippinleriň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň we Şwesiýanyň şalary, Monakonyň şazadasy, Ýaponiýanyň imperator öýi, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary we iňlis syýasy guramasynyň wekilleri aldylar.


11.05.2026 15:25
1.3k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.3k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
924

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......

29.04.2026 12:09
2.9k+

Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25......