Microsoft öz markasy bilen gajetleri goýbermegi bes eder

  • 02.05.2023 14:53
  • 3k+

Microsoft öz markasy bilen gajetleri we kompýuter esbaplaryny öndürmez. Bu barada The Verge neşiri ýazdy diýip, lentu.ru habar berýär.

Microsoft-yň uly aragatnaşyk menejeri Den Leykok žurnalistler bilen söhbetdeşlikde kompaniýanyň meşhur marka ady bilen enjam öndürmegi bes etjekdigini aýtdy. Munuň ýerine ähli täze syçanjyklar, klawiaturalar, web kameralar we beýleki kompýuter esbaplary Surface markasy astynda öndüriler.
Leýkok üçünji tarapyň dükanlarynyň ätiýaçdaky harytlary gutarýança Microsoft-yň öz markasy astynda aksessuarlaryny birnäçe wagtlap satmagyny dowam etdirjekdigini aýtdy.
Žurnalistler kompaniýanyň Surface markasy bilen kompýuter esbaplaryny öndürmegi bes etjekdigi baradaky myş-myşlary hem inkär etdiler, tersine, amerikan korporasiýasynyň ähli gajetleri bu söwda markasy bilen çykarylar.
IT ägirdiniň metbugat sekretary kompaniýanyň Surface markasy boýunça elýeterli enjamlary hödürläp-hödürlemejegini mälim etmekden saklandy. Ondan öň The Verge-niň awtorlary Surface klawiaturasynyň korporasiýanyň onlaýn dükanynda 129 dollara satylýandygyny, Microsoft markaly şuňa meňzeş enjamyň bary-ýogy 59.99 dollardygyny bellediler.
Microsoft tarapyndan çykarylan ilkinji gajet 1985-nji ýylda hödürlenen kompýuter syçanjygydy.


03.03.2026 13:28
647

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

31.01.2026 12:04
2.6k+

Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.   2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi...

31.01.2026 09:16
959

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

26.01.2026 21:51
1.6k+

Microsoft Teams iş berijilere işgärleriniň nirededigini görkezer

Amerikanyň Microsoft korporasiýasy Microsoft 365 platformasyna täze funksiýany goşmagy meýilleşdirýär. Ol iş berijilere iş wagtynda işgärleriniň nirededigini Teams arkaly yzarlamaga mümkinçilik berer. Şahsy durmuşa gatyşmak bilen bagly jedeller sebäpli, bu täzeligiň girizilmegi ýanwar aýyndan mart aýyna süýşürildi...