Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentini sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

  • 02.05.2023 12:09
  • 13k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdi.

Gutlag hatynda ählihalk sala salşygynyň ýurduň durmuşynda örän möhüm syýasy waka öwrülip, Özbegistanyň halkynyň agzybirligini we jebisligini, häzirki zaman özbek jemgyýetinde özgertmeleri geçirmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga ygrarlydygyny, Özbegistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatyny doly goldaýandygyny aýdyň görkezendigi nygtalýar.
Hatda şeýle hem bellenilişi ýaly, «Özbegistan Respublikasynyň täzelenen Konstitusiýasy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini öz içine alýar, oňa laýyklygy hem-de iş ýüzünde ulanylmagy babatda iň gowy tejribeleri beýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň işjeň halkara gatnaşyjy bolmak bilen, dünýäniň syýasy giňişliginde öz işlerini täze gujur-gaýrata esaslanyp dowam etdirjekdigini, häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde durýan möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen täze garaýyşlary öňe sürjekdigini berk ynam bilen aýdyp bilerin».
Konstitusiýa girizilen üýtgetmeler gözegçilik we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemekde mejlisiň borçlaryny güýçlendirýär, prezidentiň ygtyýarlyklarynyň bir bölegi bolsa iň ýokary kanun çykaryjy organa geçirilýär. Mundan başga-da, prezidentlik möhletini 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaltmak teklip edilýär.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......