Peres Azerbaýjanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 01.05.2023 15:04
  • 6.6k+

"Red Bull-yň" meksikaly sürüjisi Serhio Peres Bakuwda geçirilen "Formula-1" çempionatynyň dördünji tapgyry bolan Azerbaýjanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy.

Peres üçin bu ýeňiş möwsümde ikinji boldy, bir gün öň ol sprint ýaryşynda-da ýeňiş gazanypdy. Tapgyrda ikinji orny onuň topardaşy niderlandly Maks Werstappen eýeledi, üçlügi "Ferrariden" Şarl Lekler jemleýär.

Şeýle-de, ilkinji onluga şular girdi: 

4. Fernando Alonso ("Aston Martin");
5. Karlos Saýns ("Ferrari");
6. Lýuis Hemilton ("Mersedes");
7. Lens Stroll ("Aston Martin");
8. Jorj Rassell ("Mersedes");
9. Lando Norris ("Maklaren");
10. Ýuki Sunoda ("Alfa Tauri").

Ýaryşyň dowamynda bolid bilen bagly näsazlyk sebäpli hytaýly Çžou Guanýuý ("Alfa Romeo"), şeýle-de öwrümleriň birinde ulagy zaýalanan niderlandly Nik de Wris ("Alfa Tauri") distansiýadan çykdy.
Çempionatyň indiki tapgyry Maýaminiň Gran-prisi bolup, 5-7-nji maýda geçiriler.


09.06.2026 07:51
4.3k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

03.06.2026 15:45
12k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

11.05.2026 22:47
9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......