Italiýanyň Hökümeti ChatGPT çat-botunyň ýurtda hereket etmegine ýene rugsat berdi

  • 29.04.2023 14:24
  • 5.5k+

OpenAI amerikan kompaniýasynyň ChatGPT çat-boty ýerli häkimiýetler tarapyndan böwetlenenden bir aý soň, Italiýada  täzeden işläp başlady diýip, anna güni kompaniýanyň wekiliniň aýdanlaryna salgylanýan Reýter agentligi habar berdi.

Onuň sözlerine görä, çat-bot OpenAI kompaniýasy italýan edarasynyň maglumatlary goramak gullugynyň soraglarlaryna "düşündiriş we aýdyň jogap" bereninden soň işläp başlady. Kompaniýa mundan beýläk ulanyjylara çat-botuň ulanylyş şertleri barada has gowy maglumat berjekdiklerini aýtdy.
ChatGPT 2022-nji ýylyň ahyrynda işe girizildi. Hyzmat ulanyjy bilen gepleşik tertibinde aragatnaşyk saklaýar. Çat-bot goşmaça soraglara jogap berip, ýalňyşlyklaryny boýun alyp, nädogry zatlara garşy çykyp we ýerliksiz haýyşlary ret edip bilýär.


27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

15.05.2026 15:40
4.2k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......