IT kompaniýalar 2023-nji ýylyň başyndan bäri dünýäde 183 müňden gowrak işgäri işden çykardylar

  • 28.04.2023 23:56
  • 13k+

Layoffs.fyi portaly tarapyndan ýygnalan maglumatlara görä, şu ýylyň başyndan bäri dünýäde tehnologiýa pudagyndaky 183 müňden gowrak işgär öz iş ornuny ýitirdi. Şol bir wagtyň özünde görkeziji ýanwar aýynyň ortalaryndan bäri ýedi esseden gowrak ýokarlandy diýip, Interfax.ru habar berýär.

Maglumatlar 2023-nji ýylyň jemi boýunça tehnologiýa pudagynda işden çykarylýanlaryň sanynyň geçen ýylyň görkezijisinden ep-esli ýokary boljakdygyny görkezýär. Şeýlelikde, ýylyň başyndan bäri 613 tehnologiýa kompaniýasy 183,72 müň adamy işden çykardy. Geçen ýylyň jemi boýunça 1 024 kompaniýa 154,34 müň işgäri işden aýyrdy diýip, portal habar berýär.
Şol sanda geçen hepde Meta Platforms Inc. işgärleri azaltmagyň nobatdaky tapgyryny yglan etdi.
Şu ýyl işgärlerini azaltjakdygy barada mälim eden tehnologiýa kompaniýalarynyň hataryna Amazon.com Inc., Electronic Arts, Roku Inc., Palantir Technologies, Twilio Inc., DocuSign Inc., Salesforce Inc., Zoom Video Communications, eBay, Dell Technologies, PayPal Holdings, International Business Machines, Intel Corp., Microsoft Corp., Alphabet Inc. amerikan kompaniýalary, şeýle-de Germaniýanyň SAP we Şwesiýanyň Spotify Technology kompaniýasy girýär.

düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......