Türkmen okuwçylary ABŞ-da «UNIPO — 2023» taslama bäsleşiginde 3 altyn, 2 kümüş medal gazandylar

  • 28.04.2023 12:21
  • 17k+

2023-nji ýylyň 1-14-nji apreli aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde «UNIPO — 2023» atly Halkara Bütindünýä internet taslama bäsleşigi geçirildi.

Taslama bäsleşigine dünýäniň 20-ä golaý döwletinden okuwçylar gatnaşdy. Türkmenistandan bäsleşige Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdy. Türkmen toparyna şol mekdebiň matematika mugallymy G.Jelaletdinow ýolbaşçylyk etdi.
Bäsleşik 6 ugur — sungat, ylym, fotosurat, iýmit howpsuzlygy, oýlap-tapyş we maglumat tehnologiýasy boýunça geçirildi. Türkmen mekdep okuwçylary ylym ugry boýunça 3, maglumat tehnologiýasy boýunça 2 sany — jemi 5 sany taslama işi bilen çykyş etdiler.

Ylym ugry boýunça

  • Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aknur Garlyýewa we 10-njy synp okuwçysy Humaý Garlyýewa “Fitoremediasiýa bilen şor topraklary gowlandyrmak”(Improvement of saline soils with Phytoremediation) atly taslamasy bilen altyn medala;
  • Şol mekdebiň 10-njy synp okuwçylary Selbi Orazgeldiýewa we Nurana Öwezowa “Üzärlik tohumyndan alkaloidlaryň izolasiýasy” (Alkaloids isolation of Peganum Harmala) atly taslamasy bilen kümüş medala;
  • Şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Nurana Jumabaýewa we 9-njy synp okuwçysy Mähriban Şöhradowa “Ýeralma galyndylaryndan maýa kömelegini almak” (Productionof baker’s yeast from industrial potato wastes ) atly taslamasy kümüş medala mynasyp boldy.

Maglumat tehnologiýasy ugry boýunça

  • Şol mekdebiň 10-njy synp okuwçylary Hasan Mekanow we Selim Jomartow “Emeli aň ulanmak arkaly şahsyýeti tanamak we hasaba almak” (Recognizing and registering the person by using AI) atly taslamasy bilen altyn medala;
  • Şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Ezizmuhammet Muhyýew we 10-njy synp okuwçysy Hasan Mekanow “HEZ görkeziji” (HEZ viewer) atly taslamasy bilen altyn medala mynasyp boldy.

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......