Boeing I çärýekde arassa ýitgisini üç esse azaltdy, girdeji çaklamadan ýokary boldy

  • 27.04.2023 11:12
  • 6.9k+

Boeing Co. amerikan konserni I çärýekde arassa ýitgisini tas üç esse azaltdy, şol bir wagtyň özünde düzedilen görkeziji we girdeji analitikleriň çaklamasyndan ýokary boldy. Muny interfax.ru ýetirýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, ýanwar – mart aýlarynda arassa ýitgi geçen ýylyň degişli döwründäki 1,22 mlrd dollar ýa-da paý üçin 2,06 dollar bilen deňeşdirilende, 414 mln dollar ýa-da paý hasabynda 0,69 dollar boldy. Bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan, ýitgi paý hasabynda 2,75 dollardan 1,27 dollara çenli azaldy.
Girdeji 28,1% - bir ýyl ozalky 13,991 mlrd dollara garşy 17,921 mlrd dollara çenli ýokarlandy.
Analitikler kompaniýanyň 17,52 mlrd dollar girdejide paý üçin 1,07 dollar derejesinde düzedilen ýitgini almagyny çaklapdylar. Mart aýynyň ahyrynda kompaniýanyň sargyt portfeli 2022-nji ýylyň ahyryndaky 404 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 411 mlrd dollar bilen bahalandyryldy.
Geçen çärýek Boeing bazara 130 uçar iberdi we 107 laýner üçin sargyt aldy.
Soňky ýylda korporasiýanyň bazar bahasy 34,6% (121 mlrd dollara çenli) ýokarlandy, Dow Jones Industrial Average fond indeksi bolsa 0,8% ýokarlandy.


27.01.2026 18:14
7.4k+

Boeing 600 uçar sargydyny bitirdi — bu soňky 7 ýylda kompaniýanyň rekordy

2025-nji ýylda Boeing Co. amerikan awiagurluşyk konserni müşderilere 600 sany täjirçilik uçaryny iberdi. Bu görkeziji geçen ýyldaky 348 uçar bilen deňeşdirilende 72% köpdür. Bu netije kompaniýa üçin 2018-nji ýyldan bäri, ýagny soňky ýedi ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy...

17.01.2026 16:47
3.6k+

Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy...

04.11.2025 19:35
7.4k+

Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi

Amerikanyň Boeing awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe hasabatyny ýaýratdy. Hasabata görä, 777X ýolagçy uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi goşmaça çykdajylara we jemi 5,4 milliard dollarlyk ýitgä sebäp boldy...

10.10.2025 09:23
4.9k+

Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär. A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy...