Hyundai awtoöndürijisiniň I çärýekde arassa girdejisi çaklamalardan ýokary boldy

  • 26.04.2023 22:25
  • 6.6k+

Hyundai Motor awtoöndürijisi 2023-nji ýylyň I maliýe çärýeginde arassa girdejisini 1,9 esse ýokarlandyrdy, bu hem hünärmenleriň çaklamasyndan ýokary boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň operasion girdejisi rekord derejä çenli ýokarlandy. Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, geçen çärýek onuň arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 1,78 trln wona bilen deňeşdirilende, 3,42 trln wona ($2,57 mlrd) boldy. Hünärmenler bu görkezijini 2,216 trln wona derejesinde çaklapdylar.
Hyundai-yň operasion girdejisi hem 1,9 esse, 3,59 trln wona çenli ýokarlandy (bazar çaklamasy – 2,879 trln wona). Awtoöndürijiniň çärýek girdejisi 25%, 37,78 trln wona çenli ýokarlandy (çaklama – 36,463 trln wona).
Geçen çärýek Hyundai 1,022 mln awtomobil satdy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 13,2% köpdür. Günorta Koreýanyň çäginden daşary awtoulag satuwy 10,7%, 830 665 birlige çenli, ýurduň içinde 25,6%, 191 047 birlige çenli ýokarlandy. Elektromobil satuwy 48% ýokarlanyp, 66 müň birlige ýetdi.
Kompaniýanyň paýnamalary sişenbe güni Seuldaky söwdada 4,7% gymmatlady. Ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy 33% ýokarlandy.


01.05.2022 14:57
4k+

Hyundai Günorta Koreýanyň iň uly konglomeratlarynyň sanawynda üçünji setire düşdi

Hyundai Motor Group awtoöndürijisi aktiwleriniň möçberi boýunça Günorta Koreýanyň iň uly konglomeratlarynyň sanawynda ikinji orny SK Group-a berdi. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Adalatly söwda komissiýasynyň...

düýn 20:25
2.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......