Hyundai Günorta Koreýanyň iň uly konglomeratlarynyň sanawynda üçünji setire düşdi

  • 01.05.2022 14:57
  • 4k+

Hyundai Motor Group awtoöndürijisi aktiwleriniň möçberi boýunça Günorta Koreýanyň iň uly konglomeratlarynyň sanawynda ikinji orny SK Group-a berdi. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Adalatly söwda komissiýasynyň habarynda aýdylýar.  

“SK bilen Hyundai Motor aktiwleriniň möçberi boýunça sanawda ýerlerini çalyşdylar. 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ilkinji bäşlikde üýtgeşme boldy” – diýip, Koreýa Respublikasynyň antimonopoliýa edarasy habar berdi. SK Group kompaniýasy energiýa çeşmeleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy we ýarym geçiriji biznesiniň ösmegi netijesinde ilkinji gezek ikinji orny eýeledi. Samsung Group birinji orny saklamagy başardy ($387 mlrd).

SK Group-a himiýa, energetika we telekommunikasiýa ýaly dürli pudaklardan kompaniýalar girýär. 2021-nji ýylyň ahyrynda konglomeratyň aktiwleri 292 trln wona ($233 mlrd), Hyundai Motor-yňky 257 trln wona bilen ($205 mlrd) bahalandyryldy diýip, “Çunan ilbo” gazeti ýazýar.


22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

06.05.2026 19:44
4.6k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......

27.11.2025 23:29
2.7k+

LG Electronics ýolbaşçy düzüminiň üýtgeşmelerini yglan etdi

Günorta Koreýanyň LG Electronics kompaniýasy ýolbaşçy düzüminde uly üýtgeşmeleriň bolandygyny, şol sanda täze baş direktoryň bellenendigini mälim etdi. 1-nji dekabrdan başlap, bu wezipäni häzirki wagtda LG-niň Öý Tehnikasy we Çözgütleri bölümine ýolbaşçylyk edýän hem-de kompaniýanyň maglumatyna görä, amallaryň durnukly ösüşine ýeten Rýu Çže-çhol eýelär...

04.07.2024 13:46
2.1k+

Günorta Koreýanyň "SK Hynix" kompaniýasy çip önümçiligine 75 milliard dollar maýa goýýar

Günorta Koreýanyň ululygy boýunça ikinji ýerde durýan SK Hynix ýat çipini öndürijisi 2028-nji ýyla çenli çip önümçiligine 103 trillion won (74,6 milliard dollar) maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Kompaniýa...