PepsiCo I maliýe çärýeginde girdejisini 10% ýokarlandyrdy

  • 26.04.2023 22:25
  • 3.9k+

PepsiCo Inc. kompaniýasy birinji maliýe çärýeginde girdejisini 10% ýokarlandyrdy, ýöne onuň arassa girdejisi 2 esseden gowrak azaldy. Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, 25-nji martda tamamlanan çärýegiň jemi boýunça girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 16,2 mlrd dollar bilen deňeşdirilende 17,85 mlrd dollar boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

PepsiCo-nyň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 4,26 mlrd dollar ýa-da paý üçin 3,06 dollar bilen deňeşdirilende, 1,93 mlrd dollar ýa-da paý üçin 1,4 dollar boldy. Bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan girdeji bir ýyl ozalky paý üçin 1,29 dollardan paý üçin 1,5 dollara çenli ýokarlandy.
FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler kompaniýanyň çärýek girdejisiniň 17,239 mlrd dollar, arassa girdejisiniň paý üçin 1,38 dollar derejesinde bolmagyny çaklapdylar.
Kompaniýanyň girdejisiniň organiki ösüşi 14,3% boldy. Kompaniýanyň çaklamasy boýunça, häzirki maliýe ýylynda onuň satuwynyň organiki ösüşi 8% bolar, bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan paý hasabynda girdejisi bolsa 9% ýokarlanar.
PepsiCo ýyllyk girdejisiniň paý hasabynda 7,27 dollar boljakdygyny çaklaýar, bu bolsa geçen maliýe ýylynyň görkezijisinden 7% ýokarydyr
PepsiCo şu ýyl paýdarlara 7,7 mlrd dollar, şol sanda diwidend tölegleriniň hasabyna 6,7 mlrd dollar we paýlary yzyna satyn almagyň hasabyna 1 mlrd dollar gaýtaryp bermegi meýilleşdirýär.

düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......