89 ýaşly ýaponiýaly iň garry sýorfer hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 26.04.2023 10:21
  • 21k+

Ýaponiýanyň 89 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry sýorfer hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, Oddity Central ýazýar. Geň ýeri, ýaponiýaly adam sportuň bu görnüşi bilen diňe 80 ýaşynda meşgullanyp başlaýar.

Tokiodan Seýiçi Sano resmi taýdan dünýäde iň garry sýorfer boldy. Pensioner diňe kiçi tolkunlarda aýlanýandygyny, sýorfing tagtasyna bolsa ilkinji gezek dokuz ýyl mundan ozal münendigini – ondan öň alpinizm bilen meşgullanandygyny we özüni täze bir zatda synap görmek isländigini aýdyp berdi. Muny gazeta.ru ýetirýär.

“Adamlar maňa sýorfingiň howpludygyny aýdýarlar, ýöne men tagtadan hem awtomobiliň rulunda has howply pursatlary köp başdan geçirdim” – diýip, Seýiçi belledi.

Sanonyň tälimçisi Sanonyň sýorfing öwrenmek islegine haýran galandygyny we onuň bu prosesde şikes alyp biljekdigi barada alada edendigini aýtdy. Ýöne tälimçi netijede onuň ýaş türgenlerden erbet däldigine göz ýetirdi.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:13
5.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....