Türkmenistan Gyrgyzystan bilen gümrük ylalaşygyny baglaşmagyň meselelerini öwrenýär

  • 25.04.2023 14:59
  • 12k+

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan gümrük işi babatynda döwletara ylalaşygyny baglaşmagyň meselelerini maslahatlaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewiň Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşygynda bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň gümrük edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Resminama iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek üçin hukuk esasyny goýmaga niýetlenendir. Duşuşygyň gün tertibine şeýle hem maglumatlary alyşmak, statistiki maglumatlary deňeşdirmek, şeýle hem ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin iki ýurduň üstaşyr mümkinçiligini ýeterlik ulanmak meseleleri girizildi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy gyrgyz ilçisine ýurtda gümrük hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmaga we Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işler barada habar berdi.


şu gün 23:05
244

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

şu gün 16:45
685

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.9k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.5k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......