Coca-Cola I çärýekde arassa girdejisini 12%, girdejisini 5% ýokarlandyrdy

  • 25.04.2023 14:46
  • 6.2k+

Dünýädäki iň uly alkogolsyz içgileri öndüriji Coca-Cola 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde arassa girdejisini 12%, girdejisini 5% ýokarlandyrdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, ýanwar – mart aýlarynda onuň arassa girdejisi geçen ýylyň birinji çärýegindäki 2,78 mlrd dollar ýa-da paý üçin 0,64 dollar bilen deňeşdirilende, 3,11 mlrd dollar ýa-da paý üçin 0,72 dollar boldy.
Bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan girdeji 5%, paý üçin 0,68 dollara çenli ýokarlandy. Kompaniýanyň çärýek girdejisi bir ýyl ozalky 10,5 mlrd dollara garşy 11 mlrd dollar boldy. Geçen çärýek girdejiniň organiki ösüşi 12% boldy.
Coca-Cola-nyň Demirgazyk Amerikada girdejisi 9%, EMEA sebitinde (Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Afrika) 10%, Latyn Amerikasynda 14% ýokarlandy, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 3% azaldy.
Gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň satuwy 3% ýokarlandy, şireli suwlaryň, süýtli içgileriň we ösümlik esasly içgileriň satuwy üýtgemedi, suwlaryň, sport içgileriniň, kofeniň we çaýyň satuwy 4% ýokarlandy.
Coca-Cola 2023-nji ýylda girdejisiniň organiki ösüşiniň 7-8% bolmagyna, düzedilen girdejiniň 4-5% ýokarlanmagyna garaşýar. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 1%-den hem az ýokarlandy.

düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......