Ýelizaweta II-niň jaýlanyşyny ýaýlyma beren režissýorlar BAFTA baýragy bilen sylaglandy

  • 24.04.2023 17:51
  • 19k+

2022-nji ýylda aradan çykan Beýik Britaniýanyň şa aýaly Ýelizaweta II-niň jaýlanyşynyň ýaýlyma berilmegine jogapkär bolan režissýorlar topary – Piter Brijes, Metýu Çarlz, Konrad Fletçer, Julian Gof, Endi Jeýms we Endi Peýn iki nominasiýada Britaniýanyň Kino we telewizion sungaty akademiýasynyň baýragyna (BAFTA TV Craft Awards) mynasyp boldy. Bu barada baýragyň saýtynda habar berilýär diýip, rbc.ru belleýär.

Birinji nominasiýa hakyky ses, ikinjisi bolsa birnäçe kamerany ulanmak bilen režissýorlyk işi üçin boldy.
Ýelizaweta II 8-nji sentýabrda 96 ýaşynda aradan çykdy. Şotlandiýanyň Milli arhiwi tarapyndan berlen ölüm şahadatnamasyna görä, ol tebigy sebäpden – garrylykdan ýogaldy. 19-njy sentýabrda şa aýalynyň jesedi bilen tabyt Windzor galasynyň buthanasyndaky şa mazaryna ýerleşdirildi, ondan öň on günläp hoşlaşyk çäresi geçirildi.
Bi-bi-si-niň maglumatlaryna görä, Britaniýanyň şa aýalynyň jaýlanyşyna 37,5 mln adam tomaşa etdi. Dabara Britaniýanyň 50-den gowrak kanalynda ýaýlyma berildi.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
972

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......