Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ýokary okuw mekdepleriň arasynda internet olimpiadasyny geçirdi

  • 22.04.2023 23:25
  • 29k+

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmek boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda internet olimpiadasyny gurady.

«Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» at bilen geçirilen internet olimpiada innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmeklige, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmeklige, ýaşlar barada döwlet syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmeklige bagyşlandy.
Internet olimpiadasyna Türkmenistanyň 11 sany ýokary okuw mekdebinden  jemi 86 talyp gatnaşdy.
Olimpiada 15-nji aprelde geçirilip, ýakynda onuň netijeleri yglan edildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça 4 talyp birinji orna, 4 talyp II orna, 3 talyp III orna mynasyp boldy.
Bäsleşikde ýeňiş gazanan talyplaryň atlary, olimpiadanyň netijeleri bilen tanyşmak üçin şu salga basyň.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......