BMG howanyň global üýtgemegini rekord derejelerini hasaba aldy

  • 22.04.2023 23:22
  • 27k+

BMG-niň düzümine girýän Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň çap eden hasabatynda howanyň global üýtgemeginiň rekord derejesi bellige alyndy.

"2022-nji ýylda howanyň global ýagdaýy" atly barlag global maýylganlyga sebäp bolýan üç sany bug gazynyň — kömürturşy gazynyň, metanyň we azot oksidiniň konsentrasiýasynyň görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanandygyny görkezýär. Şeýlelik bilen, 2015-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli aralyk gözegçilikleriň taryhynda iň maýyl ýyllar boldy.
Temperaturanyň ýokarlanmagy etalon buzluklarynyň eremegine getirýär. Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň maglumatlaryna görä, olaryň ortaça galyňlygy 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2022-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli 1,3 metr azaldy. Bu soňky onýyllyklaryň ortaça görkezijisinden esli köpdür.


29.05.2026 23:08
3.9k+

Alymlar howanyň hapalanmagy bilen bedende ýagyň toplanmagynyň arasynda baglanyşyk tapdylar

Ispan alymlarynyň topary uzak wagtlap hapa howanyň täsiri astynda bolmagyň adamlarda ýagyň toplanmagyna we myşsa massasynyň kemelmegine sebäp bolup biljekdigini anyklady. Bu barada earth.com neşiri habar......

03.12.2025 10:53
7.5k+

FT: Afrikanyň tokaýlary uglerody siňdirmegi bes edip, parnik gazlaryny çykaryp başladylar

Afrikanyň öň parnik gazlaryny özüne siňdirýän tokaýlary geçen onýyllygyň başynda, tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagy sebäpli, CO2 zyňyndylarynyň iň uly çeşmelerinden birine öwrüldi. Bu barada halkara klimaty öwrenýän alymlar toparynyň geçiren barlagyna salgylanýan Britaniýanyň Lester uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär...

20.06.2025 10:19
4.9k+

BMG Ýeriň pes orbitasynda näçeräk hemranyň bardygyny habar berdi

Ýeriň ilkinji emeli hemrasy 1957-nji ýylda Sowet Soýuzy tarapyndan uçuryldy. Şondan bäri Ýere ýakyn orbitadaky hemralaryň sany ýylsaýyn artýar. Soňky ýyllarda ösüş depgini ep-esli çaltlaşdy. Bu, ilkinji nobatda, ýokary tizlikli giň zolakly internet üçin hemra ýyldyzlarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly...

30.04.2025 13:33
12k+

 Alymlar Ýeri Boeing 777 uçarynyň kömegi bilen sowatmagy teklip edýär

Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlary Boeing 777F uçarlaryny global ýylama bilen göreşmek üçin ulanmagy teklip etdi. Bu uçaryň kömegi bilen aerozollary polýuslarda, mysal üçin, Norwegiýa ýa-da Alýaska sebitinde 13 km belentlikde sepmek bolýar diýip, hünärmenler aýdýar...