Alymlar Ýeri Boeing 777 uçarynyň kömegi bilen sowatmagy teklip edýär

  • 30.04.2025 13:33
  • 12k+

Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlary Boeing 777F uçarlaryny global ýylama bilen göreşmek üçin ulanmagy teklip etdi. Bu uçaryň kömegi bilen aerozollary polýuslarda, mysal üçin, Norwegiýa ýa-da Alýaska sebitinde 13 km belentlikde sepmek bolýar diýip, hünärmenler aýdýar.

Öň serpikdiriji bölejikleri ekwatoryň golaýynda 20 km belentlikde sepmeli diýlip pikir edilýärdi, ýöne munuň üçin täze uçarlar gerek bolardy. Täze usul bar bolan tehnologiýalary ulanmagy teklip edýändigi üçin aňsat we arzan. Ýöne onuň netijeliligi birneme pes: sowadyş üçin üç esse köp aerozol gerek bolar. Bu hem kislota ýagşy ýaly zyýanly täsirleriň töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler. Mundan başga-da, ýylylyga has ejiz bolan tropikler gowşak sowadylar.
Ylmy gözlegçiler bu usulyň klimatyň üýtgemegine garşy göreşmekde esasy usul bolup galýan bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagyň ornuny tutmajakdygyny belleýär. Şeýle-de bolsa, Boeing 777 uçarynyň kömegi bilen sowadyş ulgamyny çalt işe girizmek mümkinçiligi bu çemeleşmäni geljekde gymmatly gurala öwrüp biler.


şu gün 08:10
886

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......