Türkiye energiýa merkeziniň üsti bilen ýylda 45 mlrd kub metr gazy eksport edip biler

  • 22.04.2023 10:14
  • 4.5k+

Türkiýe öz çäginde halkara energiýa merkeziniň döretmek arkaly ýylda, takmynan, 45 milliard kub metr tebigy gazy eksport edip biler. Bu barada ýurduň Energetika ministrliginiň başlygy Fatih Dönmez Haberturk teleýaýlymynyň efirinde habar berdi.

"Türkiýe turbageçirijiler arkaly Russiýadan, Azerbaýjandan we Eýrandan tebigy gaz alýar. Ýylda takmynan 100 milliard kub metr gaz almaga mümkinçiligimiz bar, şondan 45 milliard kub metri eksport edilip bilner. Bu maksat bilen halkara energiýa merkezi döredilýär. Biz tehniki mümkinçiliklerimizden peýdalanmak isleýän müşderi bolup biljek ýurtlar bilen gepleşikler geçirdik" - diýip, ministr olaryň arasynda Türkiýäniň goňşularynyň we käbir Aziýa ýurtlarynyň hem bardygyny belledi.

Dönmeziň sözlerine görä, bu merkez islegden we tekliplerden ugur alyp, gaz söwdasy amala aşyryljak energiýa supermarketiniň bir görnüşi bolar. "Söwda uly möçberlerde amala aşyrylar we Türkiýe ondan girdeji alar" - diýip, ol belledi.
Ondan öň, Türkiýäniň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy 2024-nji ýylda merkeziň çäginde geleşiklere başlamagyň meýilleşdirilendigini aýdypdy.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....